Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan “Awaza” üçin ýörite wiza tertibini girizmekçi bolýar


Gurbanguly Berdimuhamedow Awazada
Gurbanguly Berdimuhamedow Awazada

“Biznes Türkmenistan” neşiri Türkmenistanyň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy üçin ýörite wiza tertibini girizmekçi bolýandygyny habar berýär, ýöne bu täzeligiň haçan we nähili ýagdaýda durmuşa geçiriljekdigi belli däl.

Bu başlangyç daşary işler ministri Raşid Meredow tarapyndan, Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 24-nji noýabrda Balkan welaýatynda geçiren iş maslahatynda öňe sürüldi.

TDH-nyň maglumatyna görä, Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatynda Milli Geňeşiň, hökümet başlygynyň orunbasarlarynyň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň hem-de ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Ýörite wiza tertibini işläp düzmek we girizmek “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň ykdysady we maliýe mümkinçiliklerini artdyrmak maksady bilen teklip edildi diýip, habarda bellenýär.

Türkmenistan sebitde syýahatçylyk üçin iň ýapyk ýurtlaryň biri hasaplanýar we, Aşgabatdan wiza almagyň aşa çylşyrymlaşdyrylmagy netijesinde, häkimiýetleriň syýahatçylyk pudagyny ösdürmek barada edýän tagallalary garaşylýan netijeleri bermeýär.

Türkmenistan hatda daşary ýurtlarda ýaşaýan etniki türkmenlere, soňky ýyllarda daşary ýurtlara göçen türkmen maşgalalaryna hem ata-baba ýurduna sapar etmäge mümkinçilik bermeýär diýip, eýranly, owganystanly, ýewropaly türkmenler aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG