Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan aýallary BMG-niň Zorluga garşy gününiň öňünden protest geçirdiler


Protestçiler
Protestçiler

Ondan gowrak owgan zenany 24-nji noýabrda Kabulda gysga wagtlyk protest çäresini geçirip, BMG-niň aýal-gyzlara garşy zorlugy ýok etmek boýunça halkara gününiň öňüsyrasynda öz hukuklarynyň ykrar edilmegine çagyrdy.

Owgan aýal-gyzlaryň jemgyýetçilik durmuşy "Talyban" geçen ýylyň awgust aýynda häkimiýet başyna gaýdyp geleli bäri berk gyşyşa sezewar edildi. Bu ýagdaý aýallaryň kiçijik toparlarynyň adatça tiz, käte zorluk bilen basylyp ýatyrylýan protestleriniň döremegine getirdi.

Şu aýyň başynda "Talyban" aýal-gyzlaryň seýilgählere, güýmenje ýerlerine, sport zallaryna we jemgyýetçilik hammalaryna girmegini hem gadagan etdi.

XS
SM
MD
LG