Kiýewde elektrik, suw, şeýle-de ýyladyş we aragatnaşyk üpjünçiligi “tas doly diýen ýaly” dikeldildi diýip, 27-nji noýabrda şäheriň harby administrasiýasy mälim etdi.
Maglumatda “elektrik liniýalaryna düşýän agram sebäpli, käbir bökdençlikleriň bolmagynyň mümkindigi” bellenilýär.
Russiýanyň zarbalary netijesinde Ukrainanyň paýtagtynda on müňlerçe adam toksuz galdy.
3 million ilatly şäheriň 130 müňe ýakyn ýaşaýjysy heniz hem kynçylyklary başdan geçirýär.
Russiýa Ukrainanyň energiýa infrastukturalaryny nyşana alyp, onlarça raketa atdy.