Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çawuşoglu Türkmenistanyň TDG-nyň doly agzalyk meselesini ýene gozgady


Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu
Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu

Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu Türkmenistanyň Türki döwletler guramasynyň (TDG) synçy agzasydygyna hoşaldygyny, emma onuň Guramanyň doly agzasy bolmagyny isleýändigini aýtdy.

Türk mediasy Çawuşoglunuň muny 28-nji noýabrda Ankarada özüniň türkmen kärdeşi Raşid Meredow bilen geçiren duşuşygynda aýdandygyny habar berýär.

Türkmen mediasy we Daşary işler ministrligi bu duşuşyk barada maglumat bermeýärler.

Çawuşoglu Türkmenistanyň bu Gurama agza bolmagyna umyt bildirýändigi barada sentýabrda hem çykyş edipdi.

Munuň yzýany, Türkmenistanyň Türki döwletler guramasynyň noýabrda Özbegistanyň Samarkand şäherinde geçen sammitinde bu gurama doly agza boljakdygy garaşylypdy. Emma bu amala aşmady.

Türkmenistan özüniň bitaraplyk statusyna salgylanyp regional guramalara doly agza bolmakdan saklanyp gelýär.

Häzirki wagtda Türkiýe, Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan we Özbegistan TDG-nyň doly agzasy, Wengriýa we Türkmenistan synçy agzasy bolup durýar.

XS
SM
MD
LG