Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan, Türkiýe we Azerbaýjan özara ylalaşyklary baglaşarlar


(çepden saga) Türkmenistanyň, Türkiýäniň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleri. 2021 ý.
(çepden saga) Türkmenistanyň, Türkiýäniň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleri. 2021 ý.

Azerbaýjan, Türkiýe we Türkmenistan ýakynda özara bäş ylalaşyga gol goýmagy planlaşdyrýarlar diýip, Türkiýäniň daşary işler ministri mälim etdi. Bu barada azernews gullugy habar berýär.

Mewlut Çawuşoglu, 28-nji noýabrda Ankarada türkmen baş diplomaty Raşid Meredow bilen geçiren metbugat ýygnagynda, gürrüňi gidýän üç döwletiň energiýa hyzmatdaşlygyny artdyrmak ugrunda täze ädimleri ätjekdigini nygtady.

“Ýakyn geljekde üç döwletiň bu ugurda iş alyp barýan kompaniýalary bilen duşuşyklar geçiriler” diýip, türk diplomaty belledi.

Türkmen mediasy bu barada entek maglumat bermedi.

XS
SM
MD
LG