Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa barha köp Ukrain şäherlerini nyşana alýar, ABŞ elektrik üpjünçiligini dikeltmäge kömek berjekdigini aýdýar


Russiýanyň Ukraina urýan zarbalarynyň netijeleri
Russiýanyň Ukraina urýan zarbalarynyň netijeleri

Russiýanyň güýçleri Ukrainanyň dürli künjeklerinde raýat we infrastruktura desgalaryny nyşana almagyny dowam etdirýärler. Şol bir wagtda, ýurduň gündogaryndaky agyr çaknyşyklar gowşamaýar. Moskwanyň Ukrainanyň energiýa desgalaryna zarba urup, olary sandan çykarmagy netijesinde ukrainalylar barha sowaýan howa şertlerinde tümlükde ýaşamaga mejbur bolýarlar.

Waşingtondaky çeşmeleriň maglumatyna görä, 29-njy noýabrda Birleşen Ştatlar Ukrainanyň, Russiýanyň ençeme aýlap urýan zarbalary netijesinde, sandan çykan elektrik üpjünçiligini ýola goýmak üçin täze hemaýatyny yglan eder.

Öten agşam merkezi Dnipro şäherine rus raketalary atyldy diýip, ýerli harby administrasiýanyň başlygy Walentin Rezniçenko 29-njy noýabrda mälim etdi.

“Russiýanyň basybalyjy güýçleri Nikopol etrabyna ‘Uragan’ raketalaryny we artilleriýa toplaryny atdy” diýip, Rezniçenko Telegram kanalynda ýazgy galdyrdy.

Ol zarbalaryň netijesinde senagat desgalarynyň weýran edilendigini belledi. Ol adam ýitgileri we şikeslenenler barada entek maglumatyň elýeterli däldigini hem sözüne goşdy.

Russiýa Dniprony raketalar we beýleki uzak aralyga niýetlenen ýaraglar bilen ýygy-ýygydan nyşana alýar. Geçen şenbe güni Rezniçenko rus raketalarynyň azyndan 13 adamy öldürendigini aýtdy.

Prezident Wolodymyr Zelenski 28-nji noýabrda giçlik eden ýüzlenmesinde rus güýçleriniň ýakynda azat edilen Herson şäherine zarbalary urandygyny aýtdy.

Rus güýçleri şu aýyň başynda Hersondan Dnepr derýasynyň çep kenaryna yza çekildi. Emma olar täze ýerleşen ýerlerinden şäherlerdir obalara, şeýle-de Hersonyň özüne zarbalary urýarlar.

Zelenski barha sowaýan howa şertlerinde elektrik üpjünçiligindäki bökdençliklere ýene taýýar bolmaga çagyrdy.

BMG Herosanda we Mykolaýewde ýagdaýlaryň “agyr” bolmagynda galýandygyny belledi. Mykolaýewiň diňe özünde çärýek milliona golaý adam ýyladyş, suw we elektrik üpjünçliginde bökdençlikleri başdan geçirýärler.

BMG-niň metbugat wekili geçen dynç günleri Ynsanperwer meseleler boýunça utgaşdyryjy Denise Brownyň günortadaky bu iki şähere baryp görendigini aýtdy.

Kiýewe gar ýagyp, howanyň barha sowamagy bilen paýtagtyň millionlarça ýaşaýjysy jaýlaryny ýyladyp bilmän kösenýärler.

Paýtagtyň resmileri göz edip Täze ýyl arçalarynyň dikiljekdigini mälim etdiler.

“Biz Putine biziň roždestwomyzy ogurladyp bilmeris” diýip, Kiýewiň häkimi Witaliý Kliçko aýtdy.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinkeniň Ukrainanyň elektrik üpjünçiligini ýola goýmak ugrunda Birleşen Ştatlaryň täze hemaýaty yglan etmegine garaşylýar. Ol 29-njy noýabrda NATO-nyň daşary işler ministrleriniň maslahatyna gatnaşmak üçin Rumyniýa geldi.

Ukrainanyň daşary işler ministri Dmytro Kuleba sapar bilen gelen Skandinaw we Baltik döwletleriň ýedisiniň daşary işler ministrlerine öz ýurduna transformatorlaryň we howa hüjüminden goranyş ulgamlarynyň zerurdygyny aýtdy.

Ukrain harbylary ýurduň gündogarynda Russiýanyň on sebite, şol sanda Donetsdäki möhüm Bahmut we Awdiýewka şäherlerine eden hüjümlerini yza tesdirdi. Bu barada 29-njy noýabrda Ýaragly güýçleriň Baş harby ştaby mälim etdi.

Ukrainanyň demirgazygynda Russiýa Harkow regionunyň Kupiansk şäheriniň töweregine we Luhanskyň Lyman sebitine raketalary atdy diýip, harbylar maglumat berdiler. Bu sebitler ýakynda basybalyjylardan azat edilipdi.

Forum

XS
SM
MD
LG