Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin Gazagystan we Özbegistan bilen “gaz bileleşigini” esaslandyrmagy teklip etdi

Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Gazagystan we Özbegistan bilen birlikde “gaz bileleşigini” esaslandyrmagy teklip etdi.

Munuň bilen bu üç ýurduň, şeýle-de beýleki döwletler, şol sanda Hytaýyň arasyndaky tebigy gazyň transportyny kadalaşdyrmagyň maksat edinilýändigi aýdylýar.

Mundan bir gün soň, Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bu mesele boýunça Moskwada Putin bilen gepleşik geçirendigini aýtdy.

29-njy noýabrda Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow bu meseläniň üç ýurduň arasynda maslahat edilýändigini tassyklady.

XS
SM
MD
LG