Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa Gorno-Badagşan sebitiniň ýene bir ýaşaýjysyny Täjigistana iberdi


Amid Alifşoýew
Amid Alifşoýew

Russiýa Täjigistanyň gowgaly Gorno-Badagşan sebitiniň ýene bir ýaşaýjysyny Merkezi Aziýa döwletine ekstradisiýa etdi. Onuň öz ýurdunda bikanun tussag edilip bilinjekdigi we eden-etdilikli yzarlama duçar bolup biljekdigi bellenilýär.

34 ýaşly Amid Alifşoýewiň ýakynlarynyň 28-nji noýabrda Azatlyga aýtmagyna görä, ol Moskwada bäş ýyl ýaşandan soň, geçen hepde rus polisiýasy tarapyndan saklanypdyr we birnäçe günüň içinde ekstradisiýa edilipdir.

Olar onuň haýsy sebäp bilen saklanandygyny we näme üçin ekstradisiýa edilendigini bilmeýändiklerini, şeýle-de Täjigistanda oňa anyk haýsy aýyplamalaryň ýöňkeljekdiginiň anyk däldigini aýtdylar.

17-nji noýabrda Gorno-Badagşan sebitiniň ýene bir ýaşaýjysy Firuz Mamadýorbekow Moskwada tussag edildi. Ol şondan bäri üzňelikde saklanýar.

Gorno-Badagşan sebitindäki ýagdaýlara gözegçilik edýän “Pamir Daily News” websaýtynyň maglumatyna görä, soňky alty aýyň dowamynda bu regionyň azyndan 20 ýaşaýjysy Moskwada tussag edilip, Täjigistana zor bilen iberilipdir.

XS
SM
MD
LG