Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şwesiýa, Finlýandiýa we Türkiýe NATO agzalyk meselesinde öňe ilerledi – şwed baş diplomaty


Şwesiýanyň daşary işler ministri Tobias Billstrom
Şwesiýanyň daşary işler ministri Tobias Billstrom

Şwesiýa we Finlýandiýa NATO agza bolmak meselesinde Türkiýe bilen oňat öňegidişlikleri gazandy diýip, şwed daşary işler ministri Tobias Billstrom 30-njy noýabrda aýtdy.

“Biz düýn Şwesiýa, Finlýandiýa we Türkiýe bilen gowy gepleşikleri geçirdik. Men mundan soň progresiň bolandygyny duýdum. Biz öňe ilerleýäris” diýip, Billstrom NATO-nyň daşary işler ministrleriniň Buharestde geçen duşuşygynda aýtdy.

XS
SM
MD
LG