Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen prezidenti Eýranyň energetika ministri bilen duşuşdy

Eýranyň energetika ministri Ali Akbar Mehrabian (arhiw suraty)
Eýranyň energetika ministri Ali Akbar Mehrabian (arhiw suraty)

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 30-njy noýabrda Aşgabatda Eýranyň energetika ministri Ali Akbar Mehrabian bilen gepleşikleri geçirdi.

Resmi maglumata görä, duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary, şol sanda energetika we suw meseleleri maslahatlaşylypdyr.

Saparyň dowamynda eýran ministriniň Türkmenistanyň beýleki ýokary derejeli resmileri bilen hem duşuşyklary göz öňünde tutuldy.

Olaryň barşynda energiýa hyzmatdaşlygy, türkmen energiýasynyň tranzit mümkinçilikleri ýaly meselelere garalar diýip, eýran metbugaty habar berilýär.

XS
SM
MD
LG