Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Talyban” Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Owganystandaky ýaýlymyny kesdi


“Talyban” häkimiýeti ele geçireninden soň, has aram dolandyryşy söz berse-de, ýurtda garaşsyz mediany berk çäklendirdi.
“Talyban” häkimiýeti ele geçireninden soň, has aram dolandyryşy söz berse-de, ýurtda garaşsyz mediany berk çäklendirdi.

Owganystanda “Talyban” ABŞ tarapyndan maliýeleşdirilýän habar serişdeleriniň, şol sanda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň ýaýlymyny kesdi. Olar muny gepleşikleriň mazmunyna gelen arz-şikaýatlar bilen düşündirdiler.

“Talybanyň” Maglumat ministrliginiň metbugat wekili Radio Azadiniň ýaýlymynyň 13 şäherde kesilendigini mälim etdi.

“Amerikanyň Sesi” öz ýaýlymynyň hem bes edilendigini aýtdy.

“Talybanyň” wekili bu ädimi neşirleriň “žurnalistiki prinsiplere eýermeýändigi we bir taraply maglumat berýändigi” bilen düşündirdi.

“Talyban” 2021-nji ýylyň awgustynda häkimiýeti ele geçireninden soň, has aram dolandyryşy söz berse-de, ýurtda garaşsyz mediany berk çäklendirdi.

XS
SM
MD
LG