Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Liranyň hümmeti aşaklaýar, bahalar ýokarlanýar, şonda-da Merkezi Aziýanyň zähmet migrantlary gazanç üçin Türkiýä gidýärler


Stambuldaky köçe söwdagärleri
Stambuldaky köçe söwdagärleri

Rekord derejedäki inflýasiýa we milli walýutanyň hümmetiniň pese gaçmagyna garamazdan, Türkiýe Merkezi Aziýaly zähmet migrantlary, hususan-da, allar üçin, giňden ýaýran ugur bolmagynda galýar. Türkiýedäki ykdysady durnuksyzlyk migrantlara agyr zarba ursa-da, köpler bu ýerden gaýtmak niýeti ýok diýýärler.

Muşarraf Kosimowa kurort şäheri Antalýade bir ýaş maşgalada eneke bolup işleýär hem olaryň içerisine seredýär. Takmynan 7 ýyl mundan ozal ganymat iş gözläp, Türkiýä gelipdi.

Täjigistanyň paýtagty Duşanbe Kosimowanyň dogduk mekany. Ol ýerde keselhanada sekretar bolup işleýärdi. Aýlygy pesdi, başga iş tapmak kyndy.

"Men Türkiýä doganoglanym bilen geldim. Ol Özbegistanyň raýaty, Türkiýede işleýän köp sanly özbek maşgalalaryny tanaýar. Onuň dostlarynyň kömegi bilen biz iş we jaý tapdyk. Bu ýerde ýaşamak kynlaşsa-da, biz muňa begenýäris, sebäbi bahalar ähli zatda diýen ýaly ýokarlanýar" diýip, Kosimowa gürrüň berýär.

MIGRANTLARA MEŞHUR UGUR

Russiýadan we Gazagystandan soň, zähmet migrasiýasynyň üçünji iň meşhur mesgenine öwrülen Türkiýede Merkezi Aziýadan ýüz müňlerçe zähmet migranty bar, şol sanda köp sanly zenanlar hem işleýär.

Özbegistanyň zähmet ministrliginiň maglumatlaryna görä, şu ýylyň birinji çärýeginde, Türkiýede 145 müňe golaý özbek migranty zähmet çekipdir. Bu bolsa daşary ýurtlarda işleýän takmynan 2,4 million özbek raýatynyň alty göteriminden gowragyny öz içine alýar.

Şeýle hem Türkiýede Gyrgyzystandan 30 müňe golaý migrant işleýär. 230 müň çemesi adama golaý hasaplanylýan ýerli türkmen jemagaty Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda iň uly topardyr.

Türk hökümetiniň maglumatyna görä, Türkiýede ýaşaýan 120 müňe golaý Türkmenistanyň raýatyna ol ýerde ýaşamaga rugsat berildi, ýene 95 müňe golaý migrant gysga möhletli wiza aldy.

Merkezi Aziýadan Türkiýä baran migrantlaryň hakyky sany has ýokary bolmaly diýilýär. Sebäbi olaryň köpüsi Türkiýede möhleti geçen wizalar bilen bikanun işleýärler.

Stambulyň gök bazary
Stambulyň gök bazary

Türkiýede işleýän käbir türkmenlerde Türkmenistanyň hakyky milli pasportlary ýok, sebäbi Aşgabadyň repressiw hökümeti ol ýerdäki ilçihanada, öz raýatlarynyň möhleti geçen ýa-da ýitirilen dokumentlerini täzelemäge rugsat bermeýär.

"LIRA ÇALT AŞAKLAÝAR"

Türkiýäniň ykdysady krizisi 2018-nji ýylda başlanaly bäri, häzire çenli-de dowam edip gelýär. Ol migrantlara agyr zarba urdy. Dört ýylyň dowamynda inflýasiýa 80%-den geçdi. Bu ýigrimi ýyldan gowrak wagtyň içindäki iň ýokary dereje.

Sarp edilýän harytlaryň bahalary görlüp-eşidilmedik derejede ýokarlandy. Kremliň Ukrainada başlan urşundan we harby mobilizasiýanyň yglan edilmeginden soň, baý adamlar Russiýadan çykdylar. Olaryň köpüsi Türkiýä geldi. Bu ýagdaý bolsa Antalýada we Türkiýäniň başga-da birnäçe şäherlerinde, onsuzam jaýlaryň bahasynyň ýokarlanmagynyň has-da artmagyna getirdi.

Milli walýutanyň, ýagny liranyň hümmetsizlenmegi bilen baglylykda, migrant maşgalalaryň öz ýurduna iberýän pul serişdeleriniň möçberiniň azalandygyny aýdýarlar.

"Men aýlygymy lirada alyp, ony öýümize ugratmak üçin, dollara çalyşýaryn. Lira çalt aşaklaýar" diýip, Kosimowa aýdýar.

Türkiýäni ykdysady durnuksyzlygyň sarsdyrýandygyna garamazdan, Merkezi Aziýaly migrantlaryň ençemesi Türkiýeden gitmek meýliniň ýokdugyny aýdýarlar. Ýowuz hakykat şeýle, olarda başga bir gowy çykalga ýok.

Türkiýäniň sowgat dükanlary
Türkiýäniň sowgat dükanlary

Orsýet ozalky SSSR-den bolan işçileri kabul ediji esasy ýurt bolmagynda galýar, emma Moskwanyň fewral aýynda Ukraina basyp girmegi işçileriň ol ýurda barmak höwesini ýitirdi. Daşary ýurtdan bolanlaryň köpüsi Russiýa garşy girizilen halkara sanksiýalar sebäpli, ol ýerde ykdysady durnuksyzlygyň bolmagyndan howatyr edýär, erkek adamlar bolsa, ol ýerde galsalar, urşa iberilip bilinmeginden gorkýarlar.

Soňky ýyllarda Merkezi Aziýadan bolan käbirleri Beýik Britaniýada möwsümleýin iş tapdylar, başga birleri bolsa Ýewropa Bileleşigine we ABŞ-nyň çägine barmagy başardylar, emma şeýle migrant işçileriň sany çäkli.

Şol bir wagtyň özünde, dünýäniň beýleki ýurtlaryndan köp sanly bosgunlaryň gelmegine garşy göreşýän Günbatar ýurtlarynyň köpüsi köp adamy kabul etmek islemeýärler.

ÝURTDAKY GARYPLYK

Merkezi Aziýada dowamly işsizlik hem-de az hak bilen baglanyşykly ýagdaý, olara öz ýurduna dolanmagy kynlaşdyrýar. Gyrgyzystanda, Täjigistanda we Özbegistanda köp maşgalalar daşardan iberiljek pul serişdelerine doly diýen ýaly garaşly.

Gyrgyzystandan bolan öňki mekdep mugallymasy Saadat Ömürbekowa mundan 4 ýyl ozal gowy iş gözläp, Türkiýä geldi. Ömürbekowa Antalýa şäherindäki kafede iş tapýança, üç ýyllap, garrylaryň we syrkawlaryň şepagat uýasy bolup işleýär.

Türkiýede işleýän Gyrgyzystanyň raýaty Saadat Ömürbekowa
Türkiýede işleýän Gyrgyzystanyň raýaty Saadat Ömürbekowa

“Gyrgyzystanda men öz hünärim boýunça işleýärdim, ýöne aýlygym gaty pesdi. Çagalarymyň bilimini tölemeli boldum, şonuň üçinem işimi taşlap, köpräk gazanç üçin, Türkiýä geldim" diýip, RFE/RL-e gürrüň berýär.

Türkiýedäki Merkezi Aziýaly aýal migrantlaryň köpüsi ýurduň ähli künjeklerinde hususy öýlerde hyzmatkär, eneke ýa-da içerä serediji bolup işleýärler. Olaryň käbiri myhmanhana ulgamynyň hyzmatlarynda işe girdi, käbiri bolsa Türkiýäniň uly şäherlerinde, meselem, gözellik salonlarynda ýa-da egin-eşik dükanlarynda öz kärhanalaryny açdy.

TÜRKIÝEDÄKI IŞIŇ AGYR TARAPLARY

Käbir zenan işgärleriň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, esasan türk dilini, ýurduň kanunlaryny we öz hukuklaryny bilmezlik sebäpli kynçylyklar ýüze çykypdyr.

Gyrgyzystandan gelen Meerim Aşarbek-kyzy 4 ýyl ozal Stambula ilkinji gezek gelende, özüne iş beren hojaýyny – türk maşgalasyndan ezilendigini aýdýar.

Gyrgyzystandan bolan zähmet migranty Meerim Aşyrbek-kyzy Stambulda öý-hoşalyk işlerini edýär.
Gyrgyzystandan bolan zähmet migranty Meerim Aşyrbek-kyzy Stambulda öý-hoşalyk işlerini edýär.

“Olar meni gijäniň ýaryna çenli işlemäge mejbur etdiler. Olar näme buýursalar, men onuň ählisini etdim» diýýär.

– Men türkçe gepläp bilmedim, şonuň üçinem olara özümiň näme isleýändigimi aýdyp bilmedim. Meselem, men şu wagtdan, tä şu wagta çenli işläp biljekdigimi aýdyp bilmedim – diýýär.

Netijede, Aşarbek-kyzy işinden çykyp, Gyrgyzystana gaýdyp gelýär. Emma öz ýurdunda gowy iş tapman, ýene-de Türkiýeden mümkinçilik gözlemegi ýüregine düwýär.

Häzir Aşarbek-kyzy Stambulda bir maşgalada hyzmatkär bolup işleýär. Onuň sözlerine görä, oňa "öz gyzy ýaly" garalýar.

Merkezi Aziýadan bolan bir işçiniň duýdurmagyna görä, migrantlar, hususan-da, iş üçin Türkiýä gitmekçi bolýan aýallar şübheli iş reklamalaryna hiç haçan ynanmaly däl. Türkiýä gitmek üçin, diňe Türkiýede ynanyp bolýan ygtybarly iş teklipleri ýa-da aragatnaşyk saklaýan bar bolsa, onda gideniňe degýär.

Reportaž Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugynyň gatnaşmagy bilen taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG