Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina gyşyň agyr geçjekdigini duýdurýarka, rus hüjümleri Hersonda ýene elektrigi kesdi


Bir adam Kiýewdäki ýaşaýyş jaýynyň öňünde hapa ýakylýan ýerde dur.
Bir adam Kiýewdäki ýaşaýyş jaýynyň öňünde hapa ýakylýan ýerde dur.

Rus goşunlarynyň Ukrainanyň günortasyndaky Herson şäherine gaýtadan hüjüm edip başlamagy netijesinde, ýakynda azat edilen şäheriň elektrik üpjünçiligi kesildi.

Bu waka Ukrainanyň gündogarynda gazaply söweşleriň dowam edýän we resmileriň Russiýanyň ukrain infrastrukturasyna edýän raketa hüjümleri sebäpli Ukrainada gyşyň agyr geçjekdigini duýdurýan mahalyna gabat geldi.

"Rus basybalyjylary Hersona hüjüm etdi - elektrik geçirijilere zeper ýetirdi. Şäher ýene elektriksiz galdy" diýip, häkim Ýaroslaw Ýanuşewiç Telegramda ýazan maglumatynda aýtdy.

Ol tehniki işgärleriň Dnieper derýasynyň sag kenarynda ýerleşýän şäheriň elektrik üpjünçiligine ýetirilen zyýany bejermek işlerini geçirýändigini hem belledi.

Herson 11-nji noýabrda, ýagny rus goşuny Dnieperiň çep kenaryna tarap yza çekilende, gaýtadan Ukrainanyň gözegçiligi astyna geçipdi.

Rus artilleriýasy derýanyň aňyrsynda täze pozisiýalary eýeläp, şähere artilleriýa oklaryny we raketalary atmaga başlady.

Ýanuşewiçiň aýtmagyna görä, rus harbylarynyň 2-nji dekabrda eden hüjümleri netijesinde üç adam öldi.

XS
SM
MD
LG