Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sofiýa Gollandiýanyň Bolgariýa baradaky kararyny tankytlady


Bolgariýanyň Türkiýe bilen serhet geçelgesi.
Bolgariýanyň Türkiýe bilen serhet geçelgesi.

Bolgar hökümeti Gollandiýanyň Ýewropa Bileleşigine agza Bolgariýanyň Ýewropanyň pasportsyz Şengen zonasyna girmegini petiklemek kararyny tankytlady we muny "çuňňur ynamsyzlyk" hereketi diýip atlandyrdy.

Gollandiýanyň premýer-ministri Mark Rutteniň hökümeti 2-nji dekabrda Rumyniýa bilen Horwatiýanyň Şengen zonasyna goşulmagyna razy boljakdygyny, ýöne Bolgariýanyň kabul edilmeginiň öňüni aljakdygyny yglan etdi.

Golland hökümeti özüniň weto goýmagyna Bolgariýanyň korrupsiýa we guramaçylykly jenaýata garşy göreşde kanagatlanarly netijeleri gazanyp bilmezliginiň sebäp bolandygyny aýtdy.

ÝB-niň adalat ministrleri 8-9-njy dekabrda geçiriljek ýygnaklarda Bolgariýany, Horwatiýany we Rumyniýany Şengen zonasyna kabul etmek ýa etmezlik barada karar çykararlar.

Şengene täze agzalaryň kabul edilmegi biragyzdan razylyk berilmegini talap edýär.

"Bolgariýa Ýewropa raýdaşlygynyň ýerine çuňňur ynamsyzlyk alýar" diýip, Bolgariýanyň prezidenti Rumen Radew Facebookda ýazdy.

XS
SM
MD
LG