Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý daşary ýurtlarda 100-e golaý “polisiýa stansiýalaryny” esaslandyrdy – hukuk topary


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Hytaý daşary ýurtlarda öz raýatlaryna gözegçilik, basyş etmek, hat-da zor bilen olary yzyna ugratmak üçin “polisiýa stansiýalary” atlandyrylýan 100-e golaý birikmeleri esaslandyrdy diýip, düýbi Madridde ýerleşýän adam hukuklary boýunça “Safeguard Defenders” (“Goragçylaryň goraýjylary”) atly gurama mälim etdi.

Guramanyň 4-nji dekabrda çap bolan hasabatynda hytaý stansiýalarynyň 48-niň sentýabra çenli ýüze çykarylandygy, dokumentde hem 54-niň aýan edilendigi bellenilýär.

“Polisiýa stansiýalary” atlandyrylýan birikmeler Ýewropanyň käbir ýurtlarynyň, şol sanda Horwatiýanyň, Serbiýanyň, Rumyniýanyň, şeýle-de Afrika döwletleriniň häkimiýetleri bilen ikitaraplaýyn howpsuzlyk ylalaşyklarynyň çäginde esaslandyrylypdyr.

XS
SM
MD
LG