Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda ‘ahlak polisiýasynyň’ protestleriň arasynda ýatyrylandygy aýdylýar


Eýranyň ahlak polisiýasy bir aýaly "talaba däl" lybasy üçin tussag etdi. Arhiw suraty
Eýranyň ahlak polisiýasy bir aýaly "talaba däl" lybasy üçin tussag etdi. Arhiw suraty

Eýran ýurtdaky ýakasy gaýyşly ‘ahlak polisiýasyny’ ýatyrdy. Bu sentýabrda polisiýanyň tussaglygynda 22 ýaşly Mahsa Amininiň ölmeginden soň, tutuş ýurt boýunça tutaşan hökümete garşy protestleriň arasynda bolup geçdi.

Döwletiň eýeçiligindäki IRNA habar gullugy 4-nji dekabrda Eýranyň baş prokurory Mohammad Jafar Montazeriniň “ahlak polisiýasynyň adalat ulgamy bilen hiç hili dahylynyň ýokdugyny” aýdan sözlerini çap etdi. Ondan “ahlak polisiýanyň näme sebäpden ýapylýandygy” barada soralypdy.

Dawaly ahlak polisiýasy 2006-njy ýylda, şol wagtky aşa berk syýasaty alyp baran prezident Mahmud Ahmedinejadyň döwründe esaslandyrylypdy. Onuň maksady ýurtda adamlaryň egin-eşiginiň, esasan hem aýallaryň baş örtgüsiniň, ýagny hijabyň ýurtdaky kabul edilen yslam kadalaryna laýyklykda bolmagyny kepillendirmekden ybaratdy.

Bu gurluşyň ýaşyl uniformaly erkek işgärleri we gara çadradaky aýal gullukçylary ilki bada duýduryş bilen çäklenen bolsalar, soňy bilen güman edilýän kanun bozmalara salglylanyp aýallary tussag edip başladylar.

Mundan bir gün öň, Montazeri parlamentiň we adalat ulgamynyň wekilleriniň aýallaryň jemgyýetçilik ýerlerinde hökmany hijaby dakynmalydygy baradaky kanunyň üýtgedilmelidigi ýa däldigi boýunça ‘iş alyp barýandygyny’ aýtdy.

Ol ‘munuň netijesiniň 1 ýa iki hepdäniň dowamynda aýan boljakdygyny’ sözüne goşdy.

XS
SM
MD
LG