Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Awazada” Türkmenistan, Türkiýe, Azerbaýjan sammiti geçer


Türkmenistanyň, Türkiýäniň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleri. 2021 ý.
Türkmenistanyň, Türkiýäniň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleri. 2021 ý.

13-14-nji dekabrda “Awaza” syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň liderleriniň üçtaraply sammiti geçer. Bu barada prezident Serdar Berdimuhamedowyň 3-nji dekabrda gol goýan kararynda bellenilýär.

Çärä görülýän taýýarlyklar barada türkmen baş diplomaty Raşid Meredowyň 27-28-nji noýabr aralygynda Türkiýä eden saparynyň çäginde hem maslahat edildi.

Şol pursat, Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlut Çawuşoglu özara bäş ylalaşyga gol goýmak göz öňünde tutulýandygyny aýdypdy.

Ol gürrüňi gidýän üç döwletiň energiýa hyzmatdaşlygyny artdyrmak ugrunda täze ädimleri ätjekdigini hem sözüne goşupdy.

XS
SM
MD
LG