Gürjüstanyň tussaglykdaky ozalky prezidenti Mihail Saakaşwili tussaglykda wagty agyr metallar bilen “zäherlendi”, şeýle-de oňa talaba laýyk medisina hemaýaty berilmese, onuň ölmek howpy bar diýip, onuň ýuridiki topary tarapyndan 5-nji dekabrda ýaýradylan saglyk hasabatynda bellenilýär.
54 ýaşly Saakaşwili geçen ýyl özüniň tussag edilmegine garşy protest hökmünde 50 gün açlyk çekeninden soň, keselhana geçirilipdi. Hukuk toparlary onuň tussag edilmeginiň syýasy matlaplydygyny aýdýarlar.
Saakaşwiliniň ýuridiki topary tarapyndan ýaýradylan hasabatda ABŞ-ly toksiolog Dawid Smitiň “barlaglaryň Saakaşwiliniň bedeninde agyr metallaryň ýüze çykarylandygyny görkezýändigi” baradaky sözleri getirilýär. Bilermen Saakaşwilide ýüze çykýan patalogiki alamatlaryň “agyr metallar bilen zäherlenmegiň netijesidigini” hem belleýär.