Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainanyň gündogarynda agyr çaknyşyklar dowam edýär, hünärmenler elektrik üpjünçiligini ýola goýjak bolýar


Russiýanyň Ukraina edýän hüjüminiň netijeleri
Russiýanyň Ukraina edýän hüjüminiň netijeleri

Ukrain güýçleri ýurduň gündogar sebitlerinde rus hüjümleriniň nobatdaky tolkunyna garşy söweşýärler diýip, Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň Baş harby ştaby 6-njy dekabrda mälim etdi. Bu aralykda, hünärmenler Moskwanyň elektrik desgalaryna garşy amal eden soňky hüjümlerinden soň, tok üpjünçiligini gaýtadan ýola goýmak ugrunda tagalla edýärler.

Baş harby ştab rus goşunynyň Donetsk sebitindäki Bahmut we Awdiýiwka sebitlerine rehimsiz hüjümlerini dowam etdirýändigini aýtdy. Maglumata görä, sebitiň 20 töweregi ilatly nokadyna, şol sanda Soledar, Werhokamenske, Andriýiwka we Ýakowliwka sebitlerine zarbalar urlupdyr.

Resmiler rus raketalarynyň Ukrainanyň möhüm elektrik infrostukturasyna entegem wehim abandyrýandygyny bellediler. Olar mundan bir gün amala aşyrylan raketa hüjümleriniň netijesinde sandan çykan elektrik üpjünçiligini ýola goýmak ugrunda hem tagallalaryň alnyp barylandygyny mälim etdiler.

Ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenski 5-nji dekabrda giçlik eden ýüzlenmesinde rus hüjümleriniň netijesinde dört adamyň öldürilendigini aýtdy. “Emma biziň adamlarymyz hiç haçan yza tesmez” diýip, ol sözüne goşdy.

Kiýewiň regional häkiminiň sözlerine görä, rus raketalarynyň möhüm elektrik desgalaryna zeper ýetirendigi sebäpli, paýtagtyň töweregindäki sebitleriň ýarpysy töwereginde soňky birnäçe günüň dowamynda tok üpjünçiligi bolmaz.

Russiýanyň 5-nji dekabrdaky hüjümleri netijesinde köp sanly ukrainaly ýene-de sowuk tümlükde galmaly boldy.

Soňky zarbalaryň netijesinde üç million ilatly Kiýewe möhüm zyýanyň ýetmändigine meňzeýär. Emma zarbalar 1,8 million ilatly Kiýew regionyna, onuň düzümine paýtagt girmeýär, has uly zyýan ýetirdi.

“Soňky günlerde regionyň ýarpysy töwereginde elektrik üpjünçiligi bolmaz” diýip, häkim Oleksiý Kuleba 5-nji dekabrda giçlik özüniň Telegram kanalynda ýazgy galdyrdy.

Ukrainanyň energiýa üpjünçilik kärhanasy “Ukrenergonyň” başlygy Wolodymyr Kudritski Moskwanyň ýöriteläp sowuk howa şertlerinde zarbalaryny ýagdyrýandygyny aýtdy.

Ol tok üpjünçiligini kadaly ýola goýmak üçin birnäçe günüň gerek boljakdygyny hem sözüne goşdy.

Soňky hüjümlerde Ukrainanyň beýleki sebitlerine, şol sanda Odesa regionyna hem zeper ýetdi.

Donteskdäki ukrainalylaryň gözegçiligindäki Kramatorsk şäherinde 370 ýaşaýyş jaýynda, elektrik näsazlyklary sebäpli, ýyladyş hyzmatlary kesildi. Bu barada şäheriň häkimi maglumat berdi.

Ukrain serhediniň beýleki ýüzünde, Russiýanyň Kursk regionyndaky bir howa baza “dron hüjümi” edildi diýip, ýerli häkim Roman Starowoýt aýtdy. Ol dronuň gelip çykyşyny aýdyňlaşdyrmady.

“Kursk howa bazasynyň töweregine amal edilen dron hüjüminiň netijesinde ýag-ýangyç ammary ot aldy” diýip, Starowoýt sosial ulgamynda ýazgy galdyrdy. Ol hadysada hiç kime şikes ýetmändigini hem belledi.

6-njy dekabrdaky bu wakadan bir gün öň, Moskwa Ukrainany özüniň başga iki howa bazasyna heläkçilikli hüjüm etmekde aýyplady.

Bu maglumatlary garaşsyz ýagdaýda tassyklatmak mümkin däl.

Bu aralykda, Reuters gullugynyň maglumatyna görä, ABŞ-nyň prezident Jo Baýdeniň administrasiýasy 8-nji dekabrda nebit we gaz pudagynyň ýolbaşçylary bilen onlaýn gepleşik geçirip, Waşingtonyň Ukrainanyň energiýa infrostrukturasyny goldamagynyň mümkinçiliklerini maslahat eder.

Forum

XS
SM
MD
LG