Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň sünni ruhanysy aýal tussaglaryň zorluga sezewar edilendigi barada maglumatynyň bardygyny aýdýar


Molawi Abdolhamid Eýrandaky azlyk bolup ýaşaýan sünni musulmanlarynyň ruhy lideri hasaplanýar.
Molawi Abdolhamid Eýrandaky azlyk bolup ýaşaýan sünni musulmanlarynyň ruhy lideri hasaplanýar.

Eýranyň iň ýokary derejeli sünni ruhanysy, häkimiýetleriň ýiti tankytçysy ýurduň türmelerinde aýallaryň jynsy zorluga sezewar edilýändigi barada maglumatlarynyň bardygyny aýtdy.

Molawi Abdolhamidiň 6-njy dekabrda özüniň Twitter hasabynda galdyran ýazgysyna görä, aýal tussaglary kemsitmek, sustyny basmak, şeýle-de dürli etmişleri boýun aldyrmak üçin gynapdyrlar.

“Eger-de bu subut edilse, onda dünýäniň iň parahor adamlary bu jenaýatlary ýola goýýanlardyr” diýip, Adbulhamid belledi we ýurduň adalat ulgamyny munuň bilen ilteşikli şahslary jezalandyrmaga çagyrdy.

“Dünýädäki parahorlyk” söz düzümi – Eýranyň Adalat ulgamynyň ýurduň häkimiýetlerini agdarmak synanyşygynda aýyplanýanlara ýöňkeýän tagmasydyr.

Molawi Abdolhamid Eýrandaky azlyk bolup ýaşaýan sünni musulmanlarynyň ruhy lideri hasaplanýar.

Mundan öň, oňa Eýranyň häkimiýetlerini tankytlany üçin basyşlar hem edildi.

XS
SM
MD
LG