Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran resmisi hijab düzgünini bozýanlara garşy täze jezalaryň maslahat edilýändigini aýtdy


Hijapsyz iki gyz Tähranyň Azadi meýdançasynda
Hijapsyz iki gyz Tähranyň Azadi meýdançasynda

Eýranyň parlamentiniň wekili häkimiýetleriň aýallaryň jemgyýetçilik ýerlerinde hijab geýmegini düzgünleşdirmek üçin dürli jeza çärelerini, şol sanda pul jerimesini girizmegi göz öňünde tutýandygyny mälim etdi. Bu ýurtda gürrüňi gidýän mesele boýunça geçirilýän köpçülikleýin protestlere hem garamazdan amal edilýär.

Eýranyň parlamentiniň Medeniýet komissiýasynyň wekili Hossein Jalali täze plana görä ahlak polisiýasynyň hereketleriniň çäklendiriljekdigini we düzgüniň berjaý edilişini kepillendirmek üçin has gowşak çäreleriň ornaşdyryljakdygyny aýtdy.

“Hijaby geýmediklere, tekst habary görnüşinde, olaryň hijab düzgünini berjaý etmeýändigi we olaryň kanuna hormat goýmalydygy barada duýdurylyp bilnerdi” diýip, Jalali eýran mediasyna beren interwýusynda aýtdy.

Şol bir wagtda, ol iki duýduryşdan soň, gürrüňi gidýän şahsa garşy, onuň bank hasaplaryny doňdurmak ýaly jeza çäreleriniň görlüp bilinjekdigini hem sözüne goşdy.

XS
SM
MD
LG