Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Donbasda agyr söweşler barýar, Moskwa ýarag üçin 'sanksiýa astyndaky döwletlere' ýüz urýar

Donetsk sebitiniň ýaşaýjysy Pawel ýakynda bolan artilleriýa atyşygynda öldürilen goňşusynyň öýünde onuň goşlaryny ýygnaýar. 10-njy dekabr, 2022 ý.
Donetsk sebitiniň ýaşaýjysy Pawel ýakynda bolan artilleriýa atyşygynda öldürilen goňşusynyň öýünde onuň goşlaryny ýygnaýar. 10-njy dekabr, 2022 ý.

Rus güýçleri gündogar Ukrainanyň Donbas sebitindäki şäherlere hüjüm edýän mahaly, Ukrain goşuny agyr söweşler barada habar berýär, dron hüjümleriniň 10-njy dekabrda irden Odesa port şäherinde elektrik üpjünçiligini kesendigi habar berildi.

Şol bir wagtda, Kiýewi goldamak boýunça edilýän halkara tagallalar howa hüjümlerinden goranyş ulgamlaryna gönükdirilýär, günbatar resmileri ätiýaç ýaraglary egsilip barýan Moskwanyň barha çykgynsyzlaşýan ýarag mätäçligi barada duýdurýarlar.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski Moskwanyň goşunlarynyň öz ýurduna “rus baýdagynyň astynda dowzahy” getirendigini aýtdy.

Bu aralykda, Britaniýanyň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisi Barbara Wudward (Barbara Woodward) Russiýanyň ýarag üçin barha köp Eýrana bil baglaýandygyny aýtdy. Şeýle-de, ol “Russiýanyň öz ätiýaç ýaraglarynyň görnetin azalmagy bilen, onuň Demirgazyk Koreýadan we sanksiýa astyndaky beýleki döwletlerden ýarag üpjün etmäge çalyşýandygy barada Londonyň tas ynamlydygyny" aýtdy.

Russiýanyň BMG-daky ilçisi Wasiliý Nebenza bu aýyplamany ret etdi.

Odesanyň ýerli elektrik üpjünçilik operatory “DTEK Odesa” 10-njy dekabrda rus güýçleriniň geçen gije infrastruktura ot açmagyndan soň, şäheriň içinde we töwereginde möhüm infrastruktura desgalaryndan gaýry ähli desgalarda elektrik üpjünçiliginiň kesilendigini habar berdi.

Şeýle-de, ukrain resmileri Hersonda, has gündogarda minusa düşen sowuk howa şertlerinde ýene müňlerçe adamyň elektriksiz galýandygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG