Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanly ştangaçy Dünýä çempionatynda kümüş medaly aldy


Rejepbaý Rejepow (arhiw suraty)
Rejepbaý Rejepow (arhiw suraty)

Türkmenistanly ştangaçy Rejepbaý Rejepow agyr atletika boýunça Kolumbiýada geçýän dünýä çempionatynda kümüş medaly almagy başardy.

30 ýaşly Rejepow 81 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, umumy hasapda 366 kg agram göteripdir. Bu barada Halkara Olimpiýa komiteti maglumat berýär.

Rejepow mundan bäş ýyl ozal hem Dünýä çempionatynda 77 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, kümüş medaly almagy başarypdy.

Türkmen resmi metbugaty 5-16-njy dekabr aralygynda Kolumbiýanyň paýtagty Bogotada geçýän ýaryşa 11 adamyň, şol sanda ýedi türgeniň ugradylandygyny habar berdi.

Şol bir wagtda, bu çempionatda 2021-nji ýylda Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynda kümüş medaly gazanan Polina Gurýewa çykyş etmeýär. Bellesek, ol Türkmenistanyň taryhynda ilkinji olimpiýa medalyny almagy başarypdy.

Bogotadaky çempionat agyr atletikaçylar üçin 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga hukuk almak ugrundaky ilkinji saýlama ýaryşydyr.

XS
SM
MD
LG