Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda zenan tussaglaryň topary ölüm jezalary boýunça hökümete alada bildirdi

Eýranda zenan syýasy tussaglar hökümeti "ganhorlugy" bes etmäge çagyrdy.
Eýranda zenan syýasy tussaglar hökümeti "ganhorlugy" bes etmäge çagyrdy.

Eýranyň “ýakasy gaýyşly” Ewin türmesinde saklanýan zenan syýasy tussaglaryň bir topary hökümete garşy protestlerde tussag edilen adamlara ölüm jezasynyň berilmegine we bu jezalaryň ýerine ýetirilmegine alada bildirip, hat çap etdiler.

Narges Mohammadi, Bahareh Hedayat, Saba Kordafşari, Sepideh Golian, Fariba Asadi, Gelareh Abbasi we başga-da tussag tarapyndan gol çekilip, 12-nji dekabrda çap edilen hat Mahsa Amininiň sentýabrda polisiýa tussaghanasyndaky ölüminden soň, protestçilere berilýän ölüm jezasynyň sanynyň birden ýokarlanmagyna alada beýan edýär. Amini baş örtgüsini nädogry geýendigi üçin polisiýada saklanýardy.

Hata gol çekenler ölüm jezalaryny protest etmek üçin türme gözegçisiniň kabinetinde oturjakdyklaryny yglan etdiler we beýleki protest tussaglarynyň ölüm jezasy bilen jezalandyrylmagynyň, protestçilere mundan beýläk has-da zulum edilmeginiň öňüne geçmek üçin, eýran halkyny has köp güýç we öz içine alyjylyk bilen köçelere çykyp, “Ölüm jezasyna ýok” diýip gygyrmaga, şeýle-de ýurt boýunça iş taşlaýyşlary dowam etdirmäge çagyrdylar.

XS
SM
MD
LG