Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tussaglykdaky Nawalny ýene izolýatora ýerleşdirildi

Tussaglykdaky Alekseý Nawalny gözenegiň içinde (arhiw suraty)
Tussaglykdaky Alekseý Nawalny gözenegiň içinde (arhiw suraty)

Tussaglykdaky rus oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalany ýekelikdäki gabawhana, ýagny izolýatora ýerleşdirildi.

Bu onuň awgustyň ortasyndan bäri bu görnüşli jeza otagyna dokuzynjy gezek ýerleşdirilmegi boldy. Bu barada Nawalny 14-nji dekabrda özüniň Telegram kanalynda mälim etdi.

Bu gezek Nawalny jeza beriş izolýatorda 12 gün saklanar. Ol bu ýere kamerasyndaky beýleki bur tussag bilen gürrüňinde paýyş sözi ulanandygy üçin ýerleşdirildi.

Nawalny özüni gabawhana ýerleşdirmek kararlarynyň ählisiniň “syýasy matlaply” bolandygyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG