Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Erdogan täze türkmen gazgeçirijisini gurmak taslamasyny goldady, wiza ýeňilliklerini teklip etdi


Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan
Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan türkmen gazyny Türkiýäniň üsti bilen Ýewropanyň bazarlaryna akdyrmak pikirini goldady. Bu Russiýanyň Ukrainada dowam etdirýän urşunyň arasynda, Ýewropanyň rus gazyna bolan garaşlylygyny azaltmaga gönükdirilen taslamadyr.

Erdogan 14-nji dekabrda Türkmenistanda özüniň türkmen we azeri kärdeşleri bilen geçiren gepleşiginde, Türkmenistany Türkiýäniň we Azerbaýjanyň üstünden eýýäm geçýän geçirijilere birikdirmek taslamasyny goldady.

Russiýanyň Ukrainada alyp barýan urşunyň arasynda, Ýewropanyň rus gazyna bolan garaşlylygyny peseltmek ugrunda tagalla edýän döwri, Merkezi Aziýa döwletleri Moskwa bilen ozaldan bar bolan ysnyşykly gatnaşyklaryna zeper ýetirmekden saklanýarlar.

Mundan başga-da, Erdogan üçtaraply duşuşygyň dowamynda eden çykyşynda ýurtlaryň arasyndaky wiza düzgüniniň ýatyrylmagy ýa-da munuň bilen bagly ýeňillikleriň döredilmegi, şeýle-de wiza harajatlarynyň azaldylmagy barada çykyş etdi.

Ýatlatsak, sentýabrda Türkmenistanyň haýyşy boýunça, Türkiýe türkmen raýatlary üçin, 15 ýyl bäri hereket edýän wizasyz düzgünini ýatyrypdy.

XS
SM
MD
LG