Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

AÝ/AR Gyrgyzystanda websaýtynyň petiklenmegine garşy şikaýat etdi

Radio Azattykyň Bişkekdäki býurosy
Radio Azattykyň Bişkekdäki býurosy

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugy, ýagny Radio Azattyk, Gyrgyzystanda öz websaýtynyň petiklenmegine garşy administratiw şikaýaty tabşyrdy.

Sud 15-nji dekabrda seljermek üçin tabşyrylan bu işi entek tassyklamaly.

Gyrgyz hökümeti 26-nji oktýabrda Radio Azattykyň hem gyrgyz, hem-de rus dillerindäki websaýtyny petikledi. Mundan öň, Azattyk häkimiýetleriň gyrgyz-täjik serhedindäki dawalaryň dowamynda ýüze çykan çaknyşyklar baradaky wideony aýyrmak talabyndan ýüz öwürdi.

Resmiler Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy we “Amerikanyň Sesi” bilen birlikde rus dilinde efire berilýän Nastoýaşeýe Wremýa kanaly tarapyndan taýýarlanan wideonyň “aglaba” Täjigistanyň tarapyny tutandygyny öňe sürdüler.

Hökümetiň karary Ýalan maglumatlardan goranmak kanunyna esaslanýar. Bu kanun geçen ýylyň awgustynda kabul edileninde köp sanly tankytlara sezewar bolupdy.

Bişekde Radio Azattykyň bank hasaplary doňduryldy, şeýle-de gyrgyz resmileri Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň 11 žurnalistiniň akkreditasiýasyny ýatyrdy.

XS
SM
MD
LG