Russiýanyň ýurduň raýat infrastrukturasyna gönükdirilen onlarça raketany atmagyndan bir gün soň, 17-nji dekabrda Ukrainada howa hüjümleriniň sirenalary ýaňlandy.
Işçiler rus hüjümleriniň soňky tolkuny sebäpli elektrik toruna ýeten zyýany bejermäge çalyşýan mahaly, Kiýew tutuş ýurt boýunça elektrik togunyň kesilmegi bilen bagly wakalaryň boljakdygyny duýdurdy.
Ukrainanyň "Ukrenerho" energetika üpjünçilik kärhanasy hem 16-njy dekabrda ýaýradan beýanatynda ýurduň demirgazygyna, günortasyna we merkezine ýeten uly zyýany abatlamak işleriniň birnäçe wagt alyp biljekdigini duýdurdy.
"Öňürtilik möhüm infrastrukturalara berler: hassahanalar, suw üpjünçilik desgalary, ýylylyk üpjünçilik desgalary, lagym arassalaýjy desgalar" diýlip, beýanatda bellenýär.
Bu aralykda, Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin söweşi maslahat etmek üçin ýokary derejeli harby komandirler bilen duşuşdy.