Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pandemiýadan soň dünýäde WIÇ, inçekesel we malariýa sebäpli ölýänleriň sany köpeldi

COVID-19 bilen kesellänler üçin karantin otagy 
COVID-19 bilen kesellänler üçin karantin otagy 

Dünýä ýurtlarynyň köpüsinde koronawirus pandemiýasy wagtynda esasy üns COVID-19 keseliniň öňüni almaga gönükdirilensoň, beýleki ýokanç hassalyklaryň öňüni almakda we bejermekde birnäçe gijikdirmeler boldy.

Bütindünýä saglyk guramasynyň baş müdiri Tedros Gebreyesus WIÇ, malariýa - gyzzyrma we inçekesel ýaly hassalyklara garşy göreşde “progressiw ädimleriň” dünýäniň ýurtlarynda togtadylandygyny ýa-da yza çekilendigini aýtdy. Netijede, 2021-nji ýylda bu keseller sebäpli ölenleriň sany ep-esli artypdyr.

Pandemiýa wagtynda WIÇ barlaglarynyň sany 41%, inçekeseli anyklamak, bejermek we öňüni almak üçin geçirlen işler 56% azaldy. Bu ýagdaý pes we orta girdejili ýurtlarda has ýygy duş gelýär.

Şundan ugur alyp, Bütindünýä saglyk guramasy dünýä jemgyýetçiligini ýokanç kesellere garşy immunizasiýa prosesini güýçlendirmäge çagyrdy.

Guramanyň habaryna görä, geçen hepde dünýäde 3,3 milliondan gowrak adama COVID-19 diagnozy goýulypdyr. 9 800 töweregi adam kesel sebäpli ölüpdir.

XS
SM
MD
LG