Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türk ministri Transhazaryň “Ýol kartasynyň” işlenip düzüljekdigini aýdýar


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Türkiýäniň energetika we tebigy gorlar ministri Fatih Dönmez Türkmenistandan Ýewropa tebigy gaz ibermek boýunça “Ýol kartasynyň” ýakyn wagtda işlenip düzüljekdigine umyt bildirdi diýip, “Türkmenportal” neşiri türk metbugatyna salgylanyp habar berdi.

Bu habar rus senatorynyň Moskwanyň Transhazar geçirijisiniň gurulmagyna ýol bermejekdigini duýdurmagynyň yz ýanyna gabat geldi.

Fatih Dönmez bu meseläniň üstünde işlemek üçin iş toparynyň döredilendigini we bu ugurdaky işleriň çaltlandyryljakdygyny aýdypdyr.

Şeýle-de, Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň sözlerine salgylanyp berlen habarlarda türkmen gazyny Ýewropa eltmek meselesiniň ýanwarda Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň prezidentleriniň Türkiýä amala aşyrjak saparlarynyň dowamynda ýene bir gezek ara alnyp maslahatlaşyljakdygy aýdylýar.

Türkmen gazynyň eksporty baradaky mesele Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet baştutanlarynyň 14-nji dekabrda Türkmenbaşy şäherinde geçiren sammitinde ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şondan birnäçe gün soň pikirini aýdan rus senatory Aleksandr Başkin Russiýanyň Türkmenistandan Azerbaýjana Transhazar gaz geçirijisiniň gurulmagyna ýol berip bilmejekdigini aýtdy.

Rus senatory bu ýagdaýy gaz geçirijiniň suwasty böleginiň Hazar deňziniň daşky gurşawyna zyýan ýetirmek ähtimallygy bilen düşündirdi.

XS
SM
MD
LG