Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak žurnalisti deslapky tussaghana ýerleşdirildi


Mihail Kozaçkow
Mihail Kozaçkow

Gazagystanyň kazyýeti 20-nji dekabrda Almatyda ýaşaýan derňewçi žurnalisti, öňki prezident Nursoltan Nazarbaýewiň dogany Bolat Nazarbaýewe dahylly şübheli gozgalmaýan emläk söwdasy baradaky derňew bilen baglylykda, azyndan iki aý möhlet bilen deslapky tussaglykda saklamaly etdi.

Gazagystanyň Adam hukuklary býurosy žurnalist Mihail Kozaçkowyň hukuklarynyň bozulýandygyny, onuň öz aklawçysy bilen görüşmegine hem rugsat berilmeýändigini öňe sürdi.

"Wremýa" gazetiniň derňew žurnalisti Kozaçkow maý aýynda näbelli adamlar tarapyndan awtoulagyna zyýan ýetirilendigini we özüniň gözegçilik astynda bolandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG