Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hökümetçi neşir: Türkmenistanlylar 13 ýurda wizasyz baryp bilýär


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Türkmenistanlylar dünýäniň 13 ýurduna, Antigua we Barbuda, Barbados, Dominika, Ekwador, Gambiýa, Gaiti, Namibiýa, Palestina we Sent-Winsent, Grenadiny döwletlerine wizasyz baryp bilýär diýip, “SalamNews” neşiri “Passport Index” internet neşirine salgylanyp habar berýär.

Mundan öň türkmenistanlylar Türkiýä hem wizasyz baryp bilýärdi we bu ýurt, ýokarda agzalan ýurtlardan tapawutlylykda, türkmen migrantlarynyň iň köp giden ugry boldy. Emma bu mümkinçilik, türkmen hökümetiniň talaby esasynda, sebäbi anyk aýdylmazdan ýitirildi.

Türkmenistanyň raýatlary Katarda, Şri-Lankada we Kot-d'Iwuarda özüni bellige aldyryp, ýörite rugsatnamaly bolup bilýärler. Şeýle-de neşir Türkmenistanyň raýatlarynyň 3 ýurda baranlarynda bellige aldyryp, 48 ýurda hem baran wagty wiza alyp bilýändigini belleýär.

Neşiriň ýazmagyna görä, Türkmenistanyň raýatlary Gruziýada 360 gün, Malaýziýada 90 gün, Filippinler we Mikroneziýa döwletlerinde hem 30 gün wizasyz bolup, 134 ýurda wizaly baryp bilýärler.

XS
SM
MD
LG