Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Ogurlanan' aýdymyň öňki eýesi Döwlet Amanlykow At gazanan artist boldy


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Türkmenistanyň prezidenti “Ahal öwüşginleri” etnografik-folklor tans toparynyň artisti Kuwwat Çarygulyýewe, aýdymçy Döwletgeldi Amanlykowa “Türkmenistanyň at gazanan artisti” diýen hormatly ady dakmak hakyndaky karara gol çekdi.

Hormatly adyň olara “gazanylýan ägirt uly üstünlikleri we ösüşleri”, döwletiň “dünýädäki belent at-abraýyny ýokary derejede wasp etmäge, amala aşyrylýan özgertmeleriň many-mazmunyny giňden açyp görkezmäge” goşan uly goşantlary üçin berilýändigi aýdylýar.

Döwletgeldi Amanlykowyň ady garaşsyz habar çeşmelerinde öňräk, haçanda Gurbanguly Berdimuhamedowyň döredýän täze aýdymlary baradaky resmi habarlar peýda bolanda belli boldy.

Ýatlatsak, Berdimuhamedow 2011-nji ýylyň iýunynda, öz doglan gününde “Saňa meniň ak güllerim” atly aýdymyny aýtdy. Türkmen telewideniýesi bu aýdymyň prezidentiň sözi, sazy esasynda döredilendigini habar berdi.

Emma soň ol aýdymyň birnäçe ýyl öň, Döwlet Amanlykowyň aýtmagynda, “Toý gününde” diýen at bilen Youtube-de goýlandygy belli boldy. Emma türkmen resmileri prezidentiň döreden aýdymynyň ogurlyk bolmak ähtimallygy barada çykan habarlary ne tassyklady, ne-de inkär etdi.

XS
SM
MD
LG