Russiýanyň ozalky wise-premýeri, şeýle-de döwletiň eýeçiligindäki Roskosmos älem agentliginiň ozalky başlygy Dmitriý Rogozin Ukrainanyň gündogaryndaky Donetsk şäheriniň golaýynda ukrain güýçleriniň zarbalary netijesinde ýaralandy. Bu sebit rus separatistleriniň gözegçiliginde bolmagynda galýar.
Rogoziniň Telegram kanalynda ýerleşdiren maglumatyna görä, ol 21-nji dekabrda bolan hadysada egninden ýaralanypdyr, şeýle-de operasiýa üçin keselhana ýerleşdirilipdir.
Zarbanyň netijesinde başga-da ençeme adam ýaralandy.
Rogozin özüniň bolýan myhmanhanasy baradaky maglumatyň kimdir biri tarapyndan “syzdyrylyp” çykarylandygyny aýtdy. Ol bu ýerde ençeme aýlap bolan döwründe, myhmanhananyň hiç haçan nyşana alynmandygyny hem belledi.