Russiýanyň Sibir sebitinde ýerleşýän bir garrylar öýünde dörän ýangynda 22 adam öldi, derňewçiler ýangyna elektrik enjamlarynyň nädogry ulanylmagynyň sebäp bolup-bolmandygyny anyklaýarlar diýip, habar agentlikleri 24-nji dekabrda maglumat berdi.
Kemerowa şäherinde resmi taýdan garrylar öýi hökmünde hasaba alynmadyk binada 23-nji dekabrda giçlik ýangyn döredi we binanyň ikinji gatyna uly zyýan ýetirdi.
Russiýanyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligi derňewlere ýardam bermek üçin, resmileriň Moskwadan 3600 kilometr gündogarda ýerleşýän Kemerowa şäherine gidendiklerini habar berdi.