Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda britan goşa raýatlygy bolan ençeme şahs tussag edildi


Eýranyň kartasy
Eýranyň kartasy

Eýranyň Yslam Rewolýusiýa Sakçylary Korpusy 25-nji dekabrda Britaniýa bilen ilteşikli ýedi adamy, şol sanda goşa raýatlygy bolan birnäçe şahsy tussag etdi. Ýerli medianyň maglumatyna görä, bu tussag etmeler ýurtda tutaşan hökümete garşy protestler bilen baglylykda amala aşyrylypdyr.

“Soňky protestleriň Britaniýa bilen ilteşikli esasy ýedi lideri, şol sanda goşa raýatlygy bolan şahslar, ýurdy terk etmekçi bolanda Yslam Rewolýusiýa Sakçylary Korpusynyň aňtaw gullugy tarapyndan saklandy” diýip, beýanatda aýdylar.

Britaniýanyň Daşary işler ministrligi bu hadysa boýunça goşmaça maglumat toplaýandygyny aýtdy.

Sentýabryň ortalarynda Eýranda bir ýaş zenan Mahsa Amininiň baş örtgüsini “nädogry” geýendigi üçin saklanyp, soňra-da tussaglykda ýogalmagyndan soň, ýurtda köpçülikleýin protestler başlandy.

XS
SM
MD
LG