Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Flydubai” Aşgabada eden gatnawyny dikeldýär


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Düýbi Dubaýda ýerleşýän “Flydubai” howa ýollary şu gün Türkmenistanyň Aşgabat şäheri bilen aradaky uçar gatnawyny dikeldýändigini habar berdi diýip, breakingtravelnews.com neşiri habar berýär.

Aşgabatdaky halkara howa menzili bilen aradaky uçuşlar 2023-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda başlanyp, hepdede iki gezek amala aşyrylar.

Şu aralykda “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň Abu-Dabä guraýan howa gatnawlarynyň hem dikeldilendigi mälim boldy.

Aşgabatdan BAE-niň paýtagtyna gurlaýan uçuşlar hepdede bir gezek – bäşinji günde amala aşyrylar diýip, “Türkmenportal” habar berýär.

Iki ýyllyk arakesmeden soň dikeldilen ilkinji uçuş 23-nji dekabrda amala aşyryldy diýip, habarda bellenýär.

XS
SM
MD
LG