Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

RSF: Soňky 20 ýylda 1700-e golaý žurnalist öldürildi


Azatlygyň ýerli habarçysy Ogulsapar Muradowa 2006-njy ýylyň tomsunda galplaşdyrylan aýyplamalar esasynda tussag edildi we türmede öldi.
Azatlygyň ýerli habarçysy Ogulsapar Muradowa 2006-njy ýylyň tomsunda galplaşdyrylan aýyplamalar esasynda tussag edildi we türmede öldi.

Soňky ýigrimi ýylda, 2003-nji we 2022-nji ýyllar aralygynda 1700-e golaý žurnalist öldürildi, bu ýylda ortaça 80-den gowrak žurnalistiň öldürilendigini aňladýar diýip, "Serhetsiz habarçylar" (RSF) guramasynyň çap eden synynda aýdylýar.

Yrak we Siriýa žurnalist bolup işlemek üçin iň howply ýurtlar bolup bolup galýar, bu ýurtlarda "soňky 20 ýylda öldürilen 578 žurnalist ýa-da dünýäde öldürilen žurnalistleriň üçden birinden gowragy wepat boldy" diýip, synda aýdylýar.

Bu iki ýurtdan soň žurnalistleriň iň köp öldürilen ýurtlarynyň hataryna Meksika (125 adam öldürildi), Filippinler (107), Pakistan (93), Owganystan (81) we Somali (78) girýär.

XS
SM
MD
LG