Kiýewiň häkimi Witali Kliçko 2-nji ýanwarda, ruslaryň öten agşam Ukrainanyň paýtagtyna eden hüjüminde “Kiýewe tarap ugur alan” onlarça pilotsyz uçaryň partlamagy bilen, energiýa infrastrukturasyna zyýan ýetendigini we “elektrik energiýasynyň ätiýaçlylyk üçin kesilmegi netijesinde birnäçe sebitde ýylylyýgyň ýitirilendigini aýtdy. Şu aralykda Ukrain goşuny we Russiýa tarapdar sosial media kanallarynyň barha köpüsi ýaňy-ýakynda mobilizlenen rus esgerleriniň ýüzlerçesiniň Täze ýyl hüjüminde, Ukrainanyň gündogaryndaky Donetsk şäheriniň etegindäki bir kazarmada ölendigini aýtdy.
Soňky hüjümler Russiýanyň Täze ýylyň bosagasynda ukrain şäherlerine we raýat desgalaryna garşy ýaýbaňlandyran giň gerimli dron we raketa hüjümleriniň dowamy bolup, onlarça adamyň ölmegine sebäp boldy.
Kliçko Kiýewiň Desnýan etrabynda bolan partlamada 19 ýaşly bir erkegiň ýaralanandygyny aýtdy.
Ukrain goşuny 2-nji ýanwar güni irden rus güýçleriniň ukrain nyşanalaryna garşy 44 dron uçurandygyny, ýöne olaryň ählisiniň üstünlikli urlup ýykylandygyny aýtdy.
Kiýew şäheriniň harby dolandyryş edarasy bolsa, öten agşam paýtagt asmanynda azyndan 20 sany raketanyň ýa-da dronyň urlandygyny aýtdy.
Kliçko biraz soň şäheriň elektrik togunyň “hadysa ýagdaýy sebäpli kesilendigini" we ýylylyk paýlaýan desgalarda elektrik togunyň bolmandygyny boýun aldy.
Ol suw hyzmatlaryna düýpli täsir ýetmedi diýdi.
Kliçko 31-nji ýanwarda edilen hüjümden soň ýaralanan 46 ýaşly adamyň keselhana ýerleşdirilendigini we soňra şol ýerde ýogalandygyny aýtdy.
1-2-nji ýanwar gijesinde beýleki ilat merkezlerinde, şol sanda günorta-gündogardaky Herson şäherinde hem bomba hüjümleri boldy. Ukrain resmileri rus güýçleriniň Hersonda çagalar hassahanasyny nyşana alandygyny öňe sürdüler.
Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy söweş meýdanyndan gowşan habarlary garaşsyz ýagdaýda tassyklap bilmeýär.
Eýranda öndürilen “Şahid” dronlarynyň onlarçasy bilen edilen hüjümler, aýdylmagyna görä, Täze ýyl güni edilen agyr raketa we dron hüjümleriniň bir gün soňundan edildi.
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Täze ýyla gabat eden söweşjeň çykyşynda, Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiniň minnetdarlyk we agzybirlik sözlerinden tapawutlylykda, 11-nji aýyna giren urşuň dowam etjekdigini duýdurdy.
Ukrain goşuny we Russiýa tarapdar sosial media kanallarynyň barha köpüsi ýaňy-ýakynda mobilizlenen rus esgerleriniň ýüzlerçesiniň Täze ýyl hüjüminde, Ukrainanyň gündogaryndaky Donetsk şäheriniň etegindäki bir kazarmada ölendigini aýdýar.
Eger-de şeýle uly derejeli ýitgi tassyklanylsa, bu 10 aý mundan ozal başlanan çozuşyň dowamynda Russiýa üçin iň ganly hadysalaryň biri bolup, bu çaknyşykda Ukrainanyň we halkara goldawçylarynyň mümkin bolan jebisligi üçin ýene bir möhüm nokat bolup biler.
Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy iň agyr söweşleriň barýan sebitlerinden, söweş meýdanyndan gelýän habarlary garaşsyz ýagdaýda tassyklap bilmeýär.
Russiýanyň Goranmak ministrligi 2-nji ýanwarda bu aýdylýanlary bölekleýin tassyklap, "wagtlaýyn ýerleşdiriş nokadyna urlan ýokary partlaýjyly dört raketa netijesinde Russiýanyň 63 sany harby gullukçysynyň öldürilendigini" aýtdy.
Emma orsýetlileriň onlaýn söhbetdeşliklerinde rus harbylarynyň basylyp alnan sebitdäki hünär mekdebinde toplanandygy çaklanylýan täze mobilizlenen esgerleri hem gorap bilmezligine bildirilýän gahar-gazaplary adatça Kremle tarapdar telegram toparlaryny hem bu şowsuzlygy boýun almaga mejbur edene meňzeýär.
Rus toparlarynyň käbiri bu zarbanyň ýokary takyklykly HIMARS raketasy bilen, Ukraina tarapyndan urlandygyny öňe sürdi.
Ukrain harbylarynyň Strategik aragatnaşyk bölümi 1-nji ýanwarda telegramda Makiýewka şäherinde basylyp alnan PTU-19 atly hünärment mekdebinde bolan "Santa" hüjüminiň "400 töweregi jesede" sebäp bolandygyny aýtdy.
Şeýle-de, harbylar Makiýewkada duşman goşunyndan 300 esgeriň ýaralanandygyny aýtdylar.
Ukraina harbylarynyň aýtmagyna görä, bu partlama "ýyladyş enjamlaryna biperwaý garalmagynyň", howpsuzlyk çärelerini äsgermezlik etmegiň, kesgitlenmedik ýerde çilim çekmegiň netijesi” hem bolup biler.
Ukraina tarapy, şu hili möhüm wakalardan soň, öz goragçylarynyň jogapkärçiligini aç-açan yglan etmezden, köplenç şular ýaly söz düzümlerini ulanýar.
Russiýanyň Goranmak ministrligi bu habar barada aç-açan düşündiriş bermedi.
Russiýanyň Resmi däl Beznosow "Z" Telegram kanaly 1-nji ýanwarda zarbanyň rus wagty bilen ylaýyk sagat 00: 01-de urlandygyny aýtdy we rus harbylarynyň bu gümürtik desgada esger toplamak kararyna gelen rus harby serkerdelerini "jezalandyrjakdygyna” umyt bildirdi.
Rus harbylarynyň tarapyny tutýan “Tsargrad” kanaly onlaýn söhbetdeşliklerinde ölenleriň sanynyň "ýüzlerçe adam" bolandygy barada gürrüň edilýändigini habar berdi.
Russiýany goldaýan “Operatiw maglumatlar” kanaly 500 adamyň ölendigini habar berdi.
Forum