Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazaklar ganly gozgalaňyň ilkinji ýyl dönüminde pidalary hatyralady


Ýanwar wakalarynyň pidalary ýatlanylýar. Almaty, 5-nji ýanwar, 2023
Ýanwar wakalarynyň pidalary ýatlanylýar. Almaty, 5-nji ýanwar, 2023

Onlarça öňdebaryjy syýasy we hukuk aktiwisti 5-nji ýanwarda Gazagystanyň iň uly şäheri Almatynyň merkezi meýdançasyna ýygnanyp, Merkezi Aziýa ýurdunda bir ýyl mundan ozal bolan we zorluga ýazan köpçülikleýin protestleriň pidalaryny ýatladylar. Bu wakalar azyndan 238 adamyň ölmegine sebäp boldy.

50 töweregi aýal-erkek Garaşsyzlyk ýadygärliginiň ýanyna ýygnanyp, doga-dileg etdi we bu wakalaryň derňewleriniň gaty uzaga çekendigini aýdyp, nägileliklerini bildirdi. Aktiwistler soňra prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň we ondan öňki prezident Nursoltan Nazarbaýewiň bu gandöküşiklik üçin jogapkärçilige çekilmegini talap edýän karary sesli okap berdiler.

Şeýle-de olar Tokaýewiň impiçment edilmelidigini aýtdylar we Gazagystanyň Russiýanyň ýolbaşçylygyndaky Kollektiwleýin howpsuzlyk şertnamasy guramasyndan çykmagyna çagyryş etdiler.

Şu aralykda, zorlukly wakalaryň pidalarynyň onlarça garyndaşy pidalaryň 23-nji dekabrda Almatyda açylan ýadygärliginiň ýanyna ýygnandy.

Ýerli häkimiýetler, belki-de bu ýerde döräp biljek ýygnanyşyklaryň öňüni almak üçin, pidalaryň garyndaşlaryny awtobuslara mündürip, şäheriň iki uly metjidine alyp gitdiler. Olara bu metjitlerde merhumlaryň hatyrasyna ýörite ýatlama dabaralarynyň geçiriljekdigi aýdyldy.

Polisiýa hasaba alynmadyk Demokratik partiýanyň azyndan üç agzasyny tussag etdi, olar bir gün öň Almatyda ýanwar wakalarynda pida bolanlaryň hormatyna köpçülikleýin ýygnanyşyk guramakçy bolýandyklaryny yglan etdiler.

XS
SM
MD
LG