Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina prawoslawlaryň Roždestwo baýramynda gündogarda barýan gazaply söweşler barada habar berdi


Ukrainanyň prawoslaw kilisesiniň baş ruhanysy Kiýewiň Uspenskiý katedralynda. 7-nji ýanwar, 2023 ý.
Ukrainanyň prawoslaw kilisesiniň baş ruhanysy Kiýewiň Uspenskiý katedralynda. 7-nji ýanwar, 2023 ý.

Russiýanyň 36 sagat möhlet bilen birtaraply yglan eden ok atyşygy bes etmek çagyryşyna garamazdan söweşler dowam edýän mahaly, ukrainlar we ruslar 7-nji ýanwarda prawoslawlaryň Roždestwo baýramyny belledi. Ukraina ok atyşy bes etmek çagyryşynyň rus prezidenti Wladimir Putiniň öz goşunlaryny güýçlendirmek we pozisiýalaryny üýtgetmek üçin guran hilesinden ybaratdygyny aýtdy.

Dindarlar baýramçylyk belleýän mahaly, gündogar Ukrainadaky şäherlerde söweşleriň depgininde möhüm pese gaçyş bolmady.

Rus harbylarynyň Bahmut şäherindäki topa tutuşlygynda iki adam, 66 ýaşly bir erkek adam we 61 ýaşly bir aýal öldürildi diýip, Ukrainanyň Baş prokuraturasy aýtdy. Başga-da 13 adam minalaryň ýarylmagy netijesinde ýaralandy.

Ukrain goşunynyň Gündogar güýçleriniň metbugat sekretary Serhiý Çerewatiý ukrain telewideniýesine gündogardaky Bahmut we Soledar şäherleriniň ukrain güýçleriniň gözegçiliginde galýandygyny aýtdy, ýöne 7-nji ýanwarda çaknyşyklar we topa tutmalar dowam etdi.

“Biziň Ýaragly güýçlerimiz we serkerdelik goşun we tehnika babatda duşmana iň ýokary zyýany ýetirmek ugrunda...hem-de öz güýçlerini mümkingadar goramak üçin ähli zatlary edýär” diýip, ol aýtdy.

XS
SM
MD
LG