Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Germaniýa: Himiki hüjüm planlaşdyrmakda güman edilýän eýranly tussag edildi

Illýustrasiýa suraty.
Illýustrasiýa suraty.

32 ýaşly eýranly erkek adam Germaniýada ölüm howply himiki serişdeler bilen hüjüm planlaşdyrmakda güman edilip, tussag edildi diýip, resmiler 8-nji ýanwarda aýtdy.

Polisiýa we prokurorlar bu erkek adamyň we başga-da bir adamyň geçen gije demirgazyk Dortmunyň Kastrop-Rauksel şäherçesinde saklanandygyny aýtdy.

Kanun goraýjy edaralaryň bilelikdäki beýanatynda bu adamyň yslam ekstremizminden ruhlanyp, çynlakaý hüjüm planlaşdyrmakda güman edilýändigi we munuň üçin onuň güýçli zäherli maddalar bolan “sianid we ritsin alandygy” aýdylýar.

XS
SM
MD
LG