Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan 524 owgan migrantyny Karaçi türmesinden boşatdy

Fewral aýynda Owganystanyň günorta-günbatar Nimroz şäherinden ýurdy terk edýän owganystanly migrant maşgala ulag parykynda ýöräp barýar.
Fewral aýynda Owganystanyň günorta-günbatar Nimroz şäherinden ýurdy terk edýän owganystanly migrant maşgala ulag parykynda ýöräp barýar.

Ýüzlerçe owgan migranty günorta Pakistanyň port şäheri bolan Karaçiniň bir türmesinden boşadyldy diýip, owgan häkimiýetleri 7-nji ýanwarda aýtdy.

Boşadylan 524 owgan raýatynyň hatarynda 54 aýal we 97 çaga bar diýip, Yslamabatdaky owgan ilçihanasy aýtdy.

Pakistanyň polisiýasy geçen aý Karaçi şäherine kanuny syýahat resminamasy bolmazdan giren azyndan 1200 owgan raýatyny tussag etdi.

Gabalan owgan çagalarynyň suratlary onlaýn paýlaşylandan soňra, bu tussag etmeler tankyt edildi.

Pakistan ýurtda ýaşaýan owganlary, deport howpunyň öňüni almak üçin, Birleşen Milletlerde we ýerli häkimiýet edaralarynda hasaba durmaga çagyryp gelýär.

XS
SM
MD
LG