Eýran Mahsa Amininiň ölümi sebäpli başlanan protestleriň dowamynda howpsuzlyk güýçleriniň üç agzasyny öldürmekde aýyplanan üç adama garşy ölüm jezasyny çykardy diýip, kazyýet 9-njy ýanwarda habar berdi.
Üç aýdan gowrak wagt bäri dowam edýän protestler bilen baglanyşykly ölüme höküm edilenleriň sanyny 17-ä ýetiren jezalaryň üstünden entek şikaýat edilip bilner.
Ölüm jezasy berlenleriň dördüsiniň jezalary ýerine ýetirildi, beýleki ikisi, ýurduň ýokary kazyýeti çykarylan ölüm hökümlerini tassyklanyndan soň, jezalarynyň ýerine ýetirilmegine garaşýar.