Türkmenistanda tanymal futbolçy Omar Berdiýew 43 ýaşynda aradan çykdy diýip, “Turkmen.news” neşiri Gazagystanyň Sports.kz, Russiýanyň Sports.ru neşirlerine salgylanyp habar berýär.
Sports.kz neşiriniň maglumatyna görä, Berdiýew Aşgabatda, 6-njy ýanwarda jaýlanypdyr. Onuň ölüminiň sebäbi aýdylmaýar, türkmen metbugatynda bu ölüm barada häzire çenli habar berilmedi diýip, garaşsyz neşir belleýär.
Omar Berdiýew futbol karýerasyna Aşgabadyň "Nisa" toparynda goragçy hökmünde başlady, soň "Köpetdag" toparynyň düzüminde oýnady; 2000-nji ýyldan 2010-njy ýyla çenli Türkmenistanyň milli ýygyndysyna wekilçilik etdi we onuň taryhynda iň köp ýaryşa (37) gatnaşdy.
Mundan başga, Berdiýew 2002-nji ýylda Gazagystanyň "Şahtýor" klubynda, 2003-nji ýylda bolsa Ukrainanyň çempionatynda Harkowyň “Metallist” toparynyň düzüminde oýnady diýip, habarda aýdylýar.