Prezident Wladimir Putiniň iň ýakyn ýaranlarynyň biri 10-njy ýanwarda Russiýanyň häzirki wagtda Ukrainada NATO-nyň ABŞ ýolbaşçylygyndaky harby bileleşigine garşy söweşýändigini we Günbataryň Russiýany böleklere bölüp, ahyr netijede ony dünýäniň syýasy kartasyndan ýok etmäge synanyşýandygyny aýtdy.
Russiýanyň Howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Nikolaý Patruşew "Ukrainadaky wakalar Moskwa bilen Kiýewiň arasyndaky çaknyşyk däl, bu Russiýa bilen NATO-nyň, hususan-da [Moskwanyň] ABŞ we Angliýa bilen barýan harby çaknyşygydyr" diýdi.