Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda çaga tigirleri öndüriler

“Türkmen şöhle” hojalyk jemgyýetiniň önümleri
“Türkmen şöhle” hojalyk jemgyýetiniň önümleri

Türkmenistanda ýakyn wagtda çaga tigirleri öndürilip başlanar diýip, “Biznes Türkmenistan” neşiri “Rysgal” gazetine salgylanyp habar berýär.

Bu tigirler 3-5 ýaşly çagalara niýetlenilip, “Şöhle plastik” haryt nyşany bilen ilata hödürleniler.

Şeýle-de, plastik önümleri öndürýän “Türkmen şöhle” hojalyk jemgyýeti ýakyn wagtda polipropilenden ýasalan oturgyçlaryň önümçiligini ýola goýar diýip, habarda bellenýär.

Tigir we oturgyç öndürjek kärhananyň 2016-njy ýylda, Ahal sebitiniň Ak bugdaý etrabynda esaslandyrylandygy, hojalyk harytlarynyň 100-e golaý görnüşini öndürýändigi aýdylýar, emma onuň kime degişlidigi, näçe adamy iş bilen üpjün edýändigi anyklaşdyrylmaýar.

Mundan başga, kompaniýanyň önümleriniň Russiýa, Gazagystana we Belarusa eksport edilýändigi aýdylýar.

Kompaniýanyň web sahypasynda “öndürilen her bir önüme kepil bolýarys” diýilýär.

Emma Azatlygyň öndürilýän plastik önümleriň ulanyjylaryň saglygyna ýetirip biljek täsirleri barada düşündiriş almak ugrunda eden synanyşyklary netije bermedi.

XS
SM
MD
LG