Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Wengriýa ÝB-niň korrupsiýa aladalary sebäpli bilim grantlaryny petiklemegine gahar-gazap bildirýär


Ýewropa Komissiýasy Wengriýanyň 21 uniwersitetiniň mundan beýläk ÝB-niň "Erasmus" grantynyň maliýe serişdesinden peýdalanmaga hukugynyň bolmajakdygyny aýtdy.
Ýewropa Komissiýasy Wengriýanyň 21 uniwersitetiniň mundan beýläk ÝB-niň "Erasmus" grantynyň maliýe serişdesinden peýdalanmaga hukugynyň bolmajakdygyny aýtdy.

Budapeşt Ýewropa Komissiýasynyň Wengriýanyň uniwersitetlerine berýän grantlaryny bes etmek baradaky kararyny "kabul ederliksiz we çydap bolmajak" diýip tankytlady.

Geçen aý Ýewropa Komissiýasy Wengriýanyň 21 uniwersitetiniň mundan beýläk ÝB-niň "Erasmus" grantynyň maliýe serişdesinden peýdalanmaga hukugynyň bolmajakdygyny aýtdy. Bu grant talyplaryň daşary ýurtdaky hyzmatdaş edaralarda bilim almagyna mümkinçilik döredýär.

Şeýle-de, uniwersitetleriň blogyň "Horizon Europe" gözleg alyş-çalyş maksatnamalary üçin maliýe serişdesini almaga hukugy bolmaz diýip, ÝK aýty.

Bu karar korrupsiýa aladalary sebäpli ÝB-niň Wengriýa berýän maliýe serişdeleriniň köp taraplaýyn doňdurylmagynyň bir bölegidir.

XS
SM
MD
LG