Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran ýurduň goranmak ministriniň öňki orunbasaryny asyp öldürdi


Alireza Akbari
Alireza Akbari

Eýran ýurduň goranmak ministriniň öňki orunbasary Alireza Akbarini jezalandyryp öldürdi. Angliýanyň peýdasyna içalyçylyk etmekde aýyplanan Akbariniň iňlis we eýran raýatlyklary bardy.

BBC-niň Eýranyň döwlet metbugatyna salgylanyp ýazmagyna görä, Akbari asylyp öldürildi.

Eýranyň Ýokary kazyýeti biraz öň onuň özüne garşy çykarylan hökümden eden şikaýatyny ret edip, başda berlen ölüm jezasyny güýjünde galdyrdy.

Öňki resmi 2019-njy ýylda tussag edildi we, hamala, dürli walýutalarda iki million dollardan gowrak pul alyp, MI6 aňtaw gullugynyň haýryna içalyçylyk etmekde aýyplandy.

BBC-niň Pars gullugyna elýeterli bolan ses ýazgysynda Akbari özüniň gynamalar sebäpli etmedik işlerini etdim diýmäge mejbur bolandygyny aýtdy.

Angliýanyň premýer-ministri Rişi Sunak Akbariniň jezalandyrylmagyny "wagşy režimiň ýüreksiz we gorkak hereketi" diýip atlandyrdy.

Angliýanyň daşary işler ministri Jeýms Klewerli bäşinji gün Akbariniň syýasy sebäpler esasynda ýanalýandygyny aýdyp, onuň haýal etmän boşadylmagyna çagyrypdy.

Akbari 1997-2005-nji ýyllar aralygynda, Muhammet Hataminiň prezident bolan döwründe goranmak ministriniň orunbasary bolup işledi.

XS
SM
MD
LG