Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HRANA: Eýran protestlerinde azyndan 522 adam öldi


Protestçiler
Protestçiler

Eýranda hökümete garşy dört aý bäri geçirilýän protestlerde azyndan 522 adam öldi diýip, düýbi ABŞ-da ýerleşýän toparyň, Adam hukuklary aktiwistleri habar agentliginiň (HRANA) 15-nji ýanwarda çap eden hasabatynda aýdylýar.

Ölenleriň arasynda kämillik ýaşyna ýetmedik 70 adam, howpsuzlyk güýçlerinden bolsa 68 adam bar diýip, agentligiň maglumatyna aýdylýar.

Şeýle-de habarda 20,000 töweregi adamyň tussag edilendigi, 110 adamyň ölüm jezasyna höküm edilip bilinjekdigi aýdylýar.

Bu protestler bilen baglylykda şu wagta çenli dört adam jezalandyrylyp öldürildi.

Protestlere yslam geýim düzgünlerini berjaý etmezlikde aýyplanyp saklanan kürt gyzy, 22 ýaşly Mahsa Amininiň tussaglykda ölmegi sebäp boldy.

XS
SM
MD
LG